Gökdepe XIX asyryň ikinji ýarymynda patyşa Russiýanyň Orta Aziýany özüne çig mal bazaryna öwürmek, esasan hem özüniň dokma senagatyny arzan pagta bilen üpjün etmek, şeýle hem rus daýhanlaryny bu ýere göçürip getirmek maksady bilen, bu ülkä giňden aralaşyp başlaýar. 1879-njy ýylda general Lomakiniň ýolbaşçylygynda birinji Ahal-teke harby ýörişi guralýar. Ol günorta Turkmenistandaky Ahal sebitini basyp almakçy bolýar. 1879-njy ýylyň awgust aýynda patyşa goşunlary türkmenleriň esasy galasy Gökdepä ýetipdirler. Türkmenler örän mertlik bilen galany gorapdyrlar. Galany goraýjylara Berdimyrat han ýolbaşçylyk edipdir. Aýgytly söweşde köp adamlar mertlerçe wepat bolupdyrlar. Rus goşunlary uly ýitgiler çekip galany eýeläp bilmän, yza çekilmäge mejbur bolupdyrlar. General Lomakin özüniň habarynda “Türkmenler gaýduwsyz garşylyk görkezipdirler, iň gowy Ýewropa goşunlaryça bar” diýmäge mejbur bolýar. Şeýle hem ol türkmenleri satyn alyp bolmaýanlygy, olaryň içinde dönükleriniň ýokdugy barada aýtýar. Bu harby şowsuzlyk Patyşa häkimiýeti üçin örän uly masgaraçylykdy. Ondan çykmak üçin 1880-nji ýylda ikinji Ahal-teke harby ýörişini geçirmäge taýýarlyk görlüp başlanýar. Ýörişiň baştutany edilip general Skobelew bellenilýär. Ol harby ýörişe örän ykjam taýýarlanýar, uly goşun bilen dürli ýaraglary aýratyn hem toplary, ok-därilerini köp alýar. Türkmenistanyň jümmüşine aralaşyp, rus goşunlary obalary talaýarlar, daýhanlara ekin ekmäge we hasyl ýygnamaga, mal bakmaga ýol bermeýärler. 1880-nji ýylyň iýun aýlarynda Skobelew ýurdy Gökdepä çenli tozdurdyk diýip habar berýär. Gökdepe galasynyň goraýjylary hem taýýarlyk görüpdirler. Ýene-de galanyň gabawy uzaga çekipdir. Patyşa goşunlarynda 72 top, 11 raketa guraly, beýleki ýaraglar hem bar eken. Galan goraýyjylarynda bolsa örän ýönekeý gylyç, pyçak, hyrly ýaraglar şeýle hem 1879-njy ýylyň birinji harby ýörişi wagtynda ele salynan 600 sany rus tüpeňi we ýeke mis top bolupdyr, onda günde 1 gezek keçä dolanan daşlary atypdyrlar. 1880-nji ýylyň dekabr aýynyň ortalarynda gala oka tutulyp başlanypdyr, goşunlarynyň toplary, raketa gurallary bolsa gije-gündiz dynman ot sowurypdyr. Uly ýitgilere garamazdan goraýjylar hakyky gahrymançylyk görkezipdirler. Olar gijelerine duşmanlarynyň üstüne çozuş edipdirler. Emma rus goşunlary galanyň diwarynyň aşagyna garym gazyp, köp däri goýupdyrlar. Türkmenler bolsa ony gümanam etmändirler. 1881-nji ýylyň dekabr aýynyň 12-sine daňdan şol därileri partlanypdyr, gala diwarynyň uly bölegi ýumrulypdyr. Patyşanyň goşunlary gala kürsäp giripdirler. Gökdepäniň goraýjylary örän gazaply söweşipdirler. Emma olaryň hemmesi diýen ýaly gyrylypdyr.

Теги других блогов: airiski neriniai sukneles